Turkmenportal logo
06.03.22
52895289
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurban Berdiýewiň «Kaýraty» Gazagystanyň çempionatynyň täze möwsümine ýeňiş bilen girişdi

Gazagystanyň futbol çempionatynda geçen ýyl bürünç medala mynasyp bolan «Kaýrat» täze möwsümiň ilkinji duşuşygyny «Aktobe» bilen geçirdi. «Kaýratyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda pökgüleriň ikisini hem gwineýaly futbolçy Hose Kante geçirdi.


«Kaýrat» çempionatda indiki duşuşygyny 11-nji martda Türküstanyň «Maktaarala» topary bilen geçirer.


«Kaýrata» geçen ýylyň awgust aýyndan bäri türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň tälim berip gelýändigini ýatladýarys.