Turkmenportal logo
06.03.22
83698369
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Habib Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalyna goşuldy

33 ýaşly garyşyk söweş sungatynyň ussady we UFC ýeňil agramynyň öňki çempiony Habib Nurmagomedow guramanyň Şöhrat zalyna goşuldy. Bu barada UFC Instagramda habar berdi.


“Bürgüt UFC-niň Şöhrat zalyna gondy. 2022-nji ýylda UFC Şöhrat zalyna girizilen ilkinji pälwan bolany üçin, Habibi gutlaýarys” diýip, guramanyň metbugat gullugy ýazdy.


Nurmagomedow karýerasyndaky iň soňky tutluşygyny, 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Jastin Getji bilen geçirdi. UFC 254-de geçen duşuşykda Habib ikinji raundda ýeňiş gazandy.


Tutluşykdan soň Habib Nurmagomedow garyşyk söweş sungatynda çykyşyny bes etmek kararyna gelendigini yglan etdi.


Nurmagomedow MMA-da 29 tutluşykda 29 ýeňiş gazandy, şol sanda UFC-de 13 duşuşykda 13 ýeňiş.