Turkmenportal logo
03.03.22
52145214
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklaryny geçirjek günleri belli boldy

«Ahal» futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda geçirjek duşuşyklarynyň senenamasy belli boldy. «Ahal» ýaryşyň «C» toparçasynda Eýranyň «Fulady», BAE-niň «Şabab Al-Ahlisi» we Kataryň «Al-Garafasy» bilen duşuşar.


Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşde 7 ― 27-nji aprel aralygynda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçiriljekdigini ýatladýarys.


Ýaryşda «Ahal» her bir garşydaşy bilen iki gezek duşuşar. Biziň ildeşlerimiziň duşuşyklarynyň geçiriljek günleri aşakdaky ýaly:


  • 1-nji tapgyr: «Ahal» ― «Şabab Al-Ahli» (7-nji aprel);
  • 2-nji tapgyr: «Al-Garafa» ― «Ahal» (10-njy aprel);
  • 3-nji tapgyr: «Fulad» ― «Ahal» (14-nji aprel);
  • 4-nji tapgyr: «Ahal» ― «Fulad» (18-nji aprel);
  • 5-nji tapgyr: «Şabab Al-Ahli» ― «Ahal» (22-nji aprel);
  • 6-njy tapgyr: «Ahal» ― «Al-Garafa» (26-njy aprel).

«Ahal» Türkmenistandan AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022-ä gatnaşmak üçin ygtyýarnama alan ýeke-täk topardyr.