Braziliýanyň Petropolis diýen ýerinde güýçli çabgalaryň netijesinde emele gelen daşgyn suwlarynyň we kenar süýşgünleriniň pidalary 204 adama ýetdi. Bu barada düýn ýurduň Globo teleýaýlymy halas ediş gulluklarynyň maglumatlaryna esaslanyp habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Dereksiz ýitenleriň sany 51 adam, pida bolanlaryň 33-si çagalardyr ýetginjekler. Halas ediş-gözleg işleri eýýäm dokuz gün bäri dowam edýär, emma oňa güýçli şemal we üznüksiz ýagynlar päsgel berýär. Altmyşa golaý ýaşaýyş jaýynyň ýykylandygy aýdylýar.
15-nji fewraldan bäri ygalyň aýlyk möçberden hem köp düşen ýeri bolan Petropolis şäheriniň häkimiýetleri matam çäresini we adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler.