Turkmenportal logo
19.02.22
13181318
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Tesla» elektrik ulaglary ýollarda köpçülikleýin durup başlady
Surat: trend.az

ABŞ-nyň häkimiýetleri «Tesla» kompaniýasynyň öndüren elektrik ulaglarynyň garaşylman durka ýollarda köpçülikleýin durup başlandygy barada ýüzlerçe sürüjileriň nägileliklerini hasaba aldy. Bu barada «Gazeta.ru» habar berýär.


Soňky dokuz aýda ýurduň Ulag hereketiniň howpsuzlygy milli edarasyna şeýle arzalaryň 354-siniň gelip gowşandygy habar berilýär. Indi edara 2021-2022-nji ýyllarda çykarylan Tesla Model3 we Model Y kysymlarynyň 416 müňüsini barlamakçy.


Sürüjileriň aýtmagyna görä, näsazlyk ulagyň Autopilot ulgamyndan peýdalanylanda döreýär. Bu usul kompýutere hereket wagtynda rul dolandyrylyşynyň we saklaw ulgamynyň käbir böleklerine gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär, netijede ulag garaşylman durka togtaýar.


Sürüjileriň käbiri ýokary tizlikde barýarka, ulagyň birdenkä togtap kyn ýagdaýa salýandygyndan nägilelik bildirýärler, meselem, bir sürüji şeýle ýagdaýda yzyndan gelýän awtoulag bilen çaknyşandygyny habar beripdir.