Turkmenportal logo
19.02.22
60926092
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Torino» «Ýuwentus» bilen utuk paýlaşdy
Surat: isport.ua

Seriýa A-nyň 26-njy tapgyrynyň çäginde Turiniň iki kluby – «Ýuwentus» bilen «Torino» duşuşdy. Bu oýun «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi. Goňşularyň duşuşygy 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.


Ýer eýeleriniň goragçysy Matteýs de Ligt 13-nji minutda tapawutlandy. Niderlandly futbolçy meýdanyň burçundan oýna girizilen topy kellesi bilen derwezä gönükdirmegi başardy.


«Torinonyň» kapitany Andrea Belotti 62-nji minutda hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi.


Seriýa A-da 47 utukly «Ýuwentus» dördünji orny eýelemek bilen, öňde barýan «Milandan» 8 utuk yza galýar. 33 utuk toplan «Torino» bolsa 10-njy ýerde ornaşdy.