Turkmenportal logo
17.02.22
73727372
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýa Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekiliş dabarasyna nirede tomaşa edip bolar?

24-nji fewralda Malaziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçiriler, bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.


Dabarany göni ýaýlymda AFK-nyň Youtube-daky resmi kanaly görkezer. Bije çekişlik Aşgabat wagty bilen sagat 12:00-da başlanar.


Türkmenistanyň milli ýygyndy topary futbol boýunça 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä çempionatynyň Aziýa saýlama tapgyryndan geçip bilmedi we mundan beýläk çykyşyny Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynda dowam etdirer.


Bu ýaryş 2023-nji ýylyň 16-njy iýun — 16-njy uýul aralygynda Hytaýda 18-nji gezek geçiriler.


Ýurduň Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn we Suçžou ýaly şäherleri Aziýanyň Kubogynyň oýunlaryny kabul eder.


Jemleýji tapgyra diňe 24 topar gatnaşar. Olardan 13-si eýýäm belli: Siriýa, Awstraliýa, Eýran, Saud Arabystany, Ýaponiýa, BAE, Koreýa Respublikasy, Oman, Katar, Yrak, Wýetnam, Liwan we Hytaý (ýer eýesi).


Aziýanyň Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe bolmak üçin ýene-de 24 ýygyndy bäsleşer, olaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary hem bar.


Bije çekişlik üçin sebetleriň düzümi 10-njy fewralda FIFA-nyň täzelenen reýtingi çap edileninden soň kesgitlendi. Netijede Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginde ikinji sebede düşdi.


Bije çekişlikde ýygyndylaryň ýerleşen sebetleriniň düzümi:


Kabul edýän tarap: Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy, Hindistan, Kuweýt, Malaýziýa, Mongoliýa


1-nji sebet: Bahreýn, Iordaniýa, Palestina;


2-nji sebet: Taýland, Täjigistan, Filippinler, Türkmenistan, Gonkong;


3-nji sebet: Owganystan, Ýemen, Mýanma, Maldiwler, Indoneziýa;


4-nji sebet: Singapur, Nepal, Kamboja, Bangladeş, Şri-Lanka.


Bije çekişligiň netijesinde hersinde 4 ýygyndyny jemleýän toparçalaryň 6-sy emele geler. Saýlama ýaryşynyň toparçalardaky duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde bir tapgyrda 2022-nji ýylyň 8, 11 we 14-nji iýunynda geçiriler.


Toparçalaýyn bäsleşikleriň geçiriljek ýerleri we wagty soň belli ediler.


Toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde her toparçanyň ýeňijisi bilen ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň 5-si Aziýanyň Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik alar.