Turkmenportal logo
17.02.22
60516051
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekilişigine nireden göni ýaýlymda tomaşa edip bolar?

Ozal hem habar berlişi ýaly, 24-nji fewralda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklary üçin bijeler çekiler.


Bu bije çekilişige gyzyklanma bildirýänler oňa Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň YouTube-däki resmi kanaly arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler. Bije çekilişik dabarasy Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 12-de başlanar.


Ije çekilişige Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ikinji sebetden gatnaşjakdygyny ýatladýarys.