Turkmenportal logo
16.02.22
1758917589
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Abu-Dabi Türkmenistany syýahatçylaryň täzelenen «Ýaşyl sanawyna» goşdy
Surat: www.twitter.com/admediaoffice

Türkmenistan Abu-Dabi emirliginiň syýahatçylar üçin «Ýaşyl sanawyna» gaýtadan goşuldy. Bu barada «Gulf Business» habar berýär.


Abu-Dabiniň hökümeti 2022-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlap «Ýaşyl sanawa» girýän 72 döwletden BAE-niň paýtagtyna gelýänler üçin saglyk çäklendirmelerini doly ýatyrýar.


Şol sebäpden hem bu ýere gelýänler üçin Abu-Dabi şäherinde saglyk çäklendirmesini geçmek zerur däldir, olar diňe ýerli howa menziline gelendigi barada PCR test barlagyny tabşyrmaly. COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymy alan syýahatçylar 6 günden soň hem ýene-de PCR test barlagyny geçmelidir. «Ýaşyl sanawdaky» döwletlerden gelýän raýatlaryň COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilmedikleri bolsa Abu-Dabide 3 gezek — gelen günleri, 6 gün soň hem-de 9 gün soň degişli test barlagyndan geçmeli.


«Ýaşyl sanaw» raýatlyk üçin däl-de, diňe daşary ýurtlardan Birleşen Arap Emirliklerine gelýän adamlar üçin ulanylýar.