Turkmenportal logo
29.01.22
58315831
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky MBA kompaniýadaky şahsy düşünişmezlikler mowzugy boýunça biznes-lanja gatnaşmaga çagyrýar

10-njy fewralda Aşgabatdaky MBA telekeçileri, işewürleri we TOP menejerleri «Kompaniýadaky şahsy düşünişmezlikleriň sebäpleri we olaryň öňüni almagyň ýollary» atly mowzuk boýunça biznes-lanja (işewürlik naharyna) gatnaşmaga çagyrýar.


Biznes-lançda (işewürlik naharynda) çykyş etjek spiker sertifikatly psiholog, şahsy ösüş geňeşçisi we Russiýa Federasiýasynyň Professional Psihoterapewtik Ligasynyň (Профессиональной психотерапевтической лигa) agzasy Maýa Esenowa bolar.


Elbetde, häzirkizaman işewürliginde işewürligiň ösüş ýagdaýyny seljermek we iş meselelerini çözmek üçin anyk düzgünler bar. Ýöne, ýatdan çykarmaly däldiris, işewürlik gatnaşyklary – bu dürli düşünişmezliklere sebäp bolup biljek düýbünden başga adamlaryň, ulularyň arasyndaky aragatnaşykdyr. Düşünişmezlikleriň sebäbi, zerurlyklar we islegler babatda pikir-garaýyşlaryň çapraz gelmegi bilen baglanyşykly islendik zat bolup biler. Iş toparyndaky bu ýagdaýy nädip çözmelidigini bilmeseňiz, biznes-lanja (işewürlik naharyna) gatnaşmak üçin ýazylmaly.


Biznes-lançda (işewürlik naharynda) çykyş etjek spiker Maýa Esenowa gapma-garşylykly ýagdaýlara sebäp bolýan adamlaryň özara gatnaşygyndaky zerurlyklar, duýgular we düzgün bozmalar barada gürrüň berer.


Biznes-lanja (işewürlik naharyna) gatnaşyjylar MAK – metaforiki assosiatiw kartlaryň (метафорических ассоциативных карт) kömegi bilen özlerinde çuňňur işe garaşýarlar.


Biznes-lanjyň (işewürlik naharynyň) geçirilýän ýeri: Alyşir Nowaýy köçesi, «Altyn Zaman» binasy, 2-nji gat, «Terras» restorany.


Biznes-lanjyň (işewürlik naharynyň) başlaýan wagty: sagat 12: 00-da.


Biznes-lanja (işewürlik naharyna) gatnaşmak üçin töleg: 400 manat.


Biznes-lanja (işewürlik naharyna) gatnaşmaga isleg bildirenler «docs.google.com» web sahypasynda bellige alynmaly.