Turkmenportal logo
13.01.22
13641364
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabatdaky himiýa zawodynda geçen ýyl 270 müň tonnadan gowrak mineral dökün öndürildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda geçen ýylda fosforly mineral dökünleriň 270,5 müň tonna golaýy öndürilip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini üpjün edildi.


Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.


Şonda öndürilen harytlyk önümler jemi 97,9 million manatlyga golaý boldy.


Oba hojalygy üçin zerur önümleri öndürmek bilen birlikde kärhananyň durkuny täzelemek, täze önümhanalary gurmak bilen baglanyşykly işler hem utgaşykly alnyp barylýar.