Turkmenportal logo
07.01.22
85458545
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçiriljek ilat ýazuwynyň iň gowy nyşany we şygary ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy

Aşgabatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň noýabr aýynda 2022-nji ýylda geçiriljek ilat ýazuwynyň nyşanyny we şygaryny taýýarlamak boýunça yglan eden bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.


Bäsleşigiň netijelerine görä, Döwlet baýdagynyň şekili bolan nyşan adaty türkmeniň ak öýleri, şeýle-de haly gözlleri we «2022» belgisi bilen taýýarlanan nyşan iň gowy nyşan diýlip saýlanyp alyndy. Ilat ýazuwynyň şygary hökmünde «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagt, ýagty geljek» şygary saýlandy.


Bäsleşigiň ýeňijileri:


  • Täzegül Tugurowa — Iň gowy nyşan
  • Döwran Gullyýew — Iň gowy şygar

Ýeňijileri sylaglamak dabarasyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.