29-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýokary derejede enjamlaşdyrylan zalda belent başly arça oturdyldy. Onuň töwereginde baýramçylygyň baş gahrymanlary, Aşgabat şäheriniň köp sanly ýaşajyk raýatlary we myhmanlary ýygnandylar. Folklor hem-de tans toparlary, baýramçylyk lybasyny geýnen teatr we sirk artistleri belent ruha beslenen çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.
Ertekileriň gahrymanlary hem-de Aýazbaba bilen Garpamyk bagtyýar çagalary mähirli garşylap, ruhy güýji hem-de batyrlygy alamatlandyrýan Bars ýyly mynasybetli guralan baýramçylyga gatnaşyjylary gutladylar.
Aýdym-sazlar, joşgunly tanslar, döredijilik toparlarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Onda ýaşajyk artistler öz zehinlerini görkezdiler. Joşgunly owazlar, halk aýdym-sazlary hem-de estrada çykyşlary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, dabaranyň şüweleňini artdyrdy we hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Galkynyş” tans toparlary, “Mukam” skripkaçylar topary, “Güneş” toparynyň hor aýdymçylary we beýlekiler Täze ýyl baýramy mynasybetli taýýarlan çykyşlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet sirkinde halypalardan tälim alýan ýaşajyk artistleriň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň çalasynlyk bilen ýerine ýetirýän çylşyrymly oýunlary bu ýerde guralan dabarany ýatda galyjy pursatlar bilen baýlaşdyrdy.
Aşgabat şäheriniň çagalar baglarynyň “Ýyldyzlar we ýyldyzjyklar” ady bilen bilelikde guran çykyşlary baýramçylyga saz çemeni hökmündäki özboluşly sowgat boldy.
Ýaşajyk skripkaçylaryň Täze ýyl mynasybetli taýýarlan çykyşlary sahnada döwrebap lybasly ýaşlaryň ajaýyp tanslary bilen utgaşdy. Munuň özi çagalaryň saýlap alan ugruna höwesiniň we ussatlygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Aýratyn-da, folklor çykyşlary, halk döredijiliginiň dürli ugurlaryny öz içine alýan eserler dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi halkymyzyň gadymy tans dessurlarynyň döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýandygyny hem-de döwrebap derejede ösdürilýändigini äşgär etdi.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan körpelere Täze ýyl baýramy mynasybetli süýjülik torty paýlandy.
