Turkmenportal logo
19.12.21
60546054
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde ilkinji SMS satuwa çykarylar

Dünýädäki ilkinji SMS-habar 225 müň dollar baha bilen auksiona çykarylar, munuň üçin ykjam aragatnaşyk boýunça Vodafone britan operatory öň NFT görnüşinde iberilen ilkinji SMS-iň wirtual nusgasyny döretdi, onda “Merry Christmas” (Täze ýylyňyz bilen) diýen ýazgy bar.


Söwdalaşykdan geljek serişdeler haýyr-sahawat guramasyna berler.


1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Roždestwo baýramy bilen bagly iberilen gutlag SMS-habary Vodafone operatory üçin işläp düzmeler bilen meşgullanýan Sema Group Telecoms kompaniýasynyň işgäri Nil Papuort ýollapdyr. Onuň kompýuter arkaly iberen gutlagy Vodafone kompaniýasynyň direktory Riçard Jarwisiň el telefonyna gelipdir.