Turkmenportal logo
19.12.21
94899489
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raşid Meredow hindi kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 18-nji dekabrda Hindistan Respublikasynyň paýtagty Nýu-Deli şäherine sapar bilen bardy. Türkmen wekiliýetini Hindistanyň daşary işler ministri S.Jaýşankar garşylady.


Türkmenleriň Daşary işler ministri Raşid Meredow şu gün – 19-njy dekabrda «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň üçünji mejlisine gatnaşýar.


Bu mejlise, şeýle-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşýarlar.


Daşary işler minstrleri derejesindäki maslahatyň dowamynda Owganystandaky çylşyrymly syýasy meseleler, şeýle hem söwda we sebit boýunça aragatnaşyklara boýunça pikir alşylar.


«Hindistan — Merkezi Aziýa» daşary işler ministrleriniň ikinji dialogy 2020-nji ýylyň oktýabrynda wideomaslahat görnüşinde geçirilipdi.


Şeýle-de okaň!