Turkmenportal logo
12.12.21
2544625446
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda awtobusyň täze gatnaw ugry ýola goýlar

Ilatyň awtobus ýolagçy gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasy 2021-nji ýylyň 13-nji dekabryndan türkmen paýtagtynda täze №32 “Awtokombinat — Kardiologiýa merkezi” awtobus ugruny ýola goýýar. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.


№32 ugry boýunça hereket etjek awtobuslar “Awtokombinat” bellige alyş nokadyndan ýola düşüp, Atamyrat Nyýazow şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi — Arçabil şaýoly — Atatürk köçesi — Çandybil şaýoly, soňra bolsa 1970-nji köçe bilen hereket edip Kardiologiýa merkezine barýar we yzyna 1970-nji köçe — Arçabil şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi — Atamyrat Nyýazow şaýoly boýunça ahyrky menzili “Awtokombinat” hasaba alyş nokadyna gelýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312443390, +99312443391.


2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde we onuň golaýynda № 15, 27, 46, 66, 75, 76, 77, 80, 85, 86, 87, 88, 88, 97, 102, 103, 110, 114, 128, 129, 160 we beýleki onlarça täze awtobus ugurlary açyldy.


Ähli awtobus ugurlary we olaryň gatnaw tertibi bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.