Turkmenportal logo
10.12.21
969969
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Britan premýer-ministriniň ýedinji çagasy dünýä indi

Beýik Britaniýanyň hökümet başlygy Boris Jonson we onuň aýaly Kerri düýn ikinji bäbekleriniň dünýä inendigini habar berdiler. Häzir gyzjagaz özüni oňat duýýar diýip, premýer-ministriň wekili aýtdy diýip, ВВС ýazýar. Bagtly ene-ata dogumy kabul eden lukmanlara minnetdarlyk bildirdiler.


Gyzjagaz Jonsonyň ýedinji perzendidir. Boris Jonson we Kerri Saýmond 2020-nji ýylyň fewralynda barlyşdylar. Olaryň ilkinji ogul perzendi apreliň aýagynda dünýä indi, ony premýer-ministri COVID-19 ýokanjyndan halas eden lukmanlaryň hormatyna Uilfred Lori Nikolas diýip at dakdy. Är-aýal 2020-nji ýylda nikany resmileşdirdiler, bu Jonsonyň üçünji nikasydyr.