Turkmenportal logo
05.12.21
50675067
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rahat Japarow SSKA bilen Täjigistanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarow Duşenbe şäheriniň “SSKA-Pamir” toparynyň düzüminde Täjigistanyň futbol çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.


Ýerli futbol çempionatynyň soňky tapgyrynda “Hujand” bilen duşuşan “SSKA-Pamir” 1:0 hasabynda üstün çykyp, arzyly orna düşmegi başardy. Toparynyň bürünç medal gazanmagynda R.Japarowyň uly goşant goşandygyny bellemek gerek.


Ýeri gelende bellesek, 25 ýaşly R.Japarow “SSKA-Pamir” toparynyň düzüminde şu ýylyň awgust aýynda goşuldy. Ol şeýle-de, Russiýanyň ýaşlar toparlarynda, paýtagtymyzyň “Köpetdag”, “Abdyş-Ata” (Gyrgyz Respublikasy) hem-de “Buhara” (Özbegistan) toparlarynda çykyş etdi.


Bilşiňiz ýaly, Täjigistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminde “Istiklol” topary 10-njy gezek çempionlyk derejesini gazandy. “Hujand” topary ýaryş tertibini ikinji orunda tamamlady.


Şeýlelik-de, ýurduň çempiony “Istiklol” öňümizdäki möwsümde AFK-nyň çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Çempionaty ikinji, üçünji orunlarda tamamlan “Hujand” bilen “SSKA-Pamir” AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş ederler.