Turkmenportal logo
03.12.2021
581581
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2021: Alamow soňky 10 möwsümde 50-den hem kän gezek tapawutlandy

Begenç Alamowyň «Merw» ― «Aşgabat» duşuşygynda penaltiden geçiren ilkinji goly futbolçynyň Ýokary liganyň soňky 10 möwsümindäki (2012-ni ýyldan bäri) 50-nji goly boldy.


Bu duşuşykda iki gezek tapawutlanan futbolçynyň hasabynda häzir 51 gol bar.


Şeýlelikde, Begenç Alamow Türkmenistanyň futbol çempionatynyň soňky 10 möwsüminde iň kän gol geçiren futbolçylaryň sanawynda 14-nji orna çykdy. 13-nji orundaky Yhlas Magtymowda 52 gol bar.


Ýeri gelende aýtsak, bu sanawyň başyny 142 gol bilen häzir futbola arakesme beren hüjümçi Süleýman Muhadow çekýär. Oňa iň ýakyn futbolçy bolsa 129 golly Myrat Ýagşyýewdir. Geçen möwsümiň iň netijeli futbolçy Altymyrat Annadurdyýewiň hasabynda 121 gol bar.