Turkmenportal logo
27.11.21
848848
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmäge bagyşlanan gepleşik geçirildi

TDIM-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi.


Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şol sanda halkara hem-de sebit gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar.


Taraplar şeýle-de YHG-nyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Sammitiniň barşynda iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň gün tertibini hem ara alyp maslahatlaşdylar.