Turkmenportal logo
20.11.21
1177811778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ikinji JLPT synagynyň geçiriliş aýratynlygy barada habar berýär

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýapon dilini bilmek synagynyň (JLPT) ikinji gezek geçirilişiniň ýerini, senesini we wagtyny mälim etdi.


Ilçihananyň web saýty 5-nji dekabrda, ýekşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda synagyň aşakdaky tertipde geçiriljekdigini habar berýär:


N1 - N3 sagat 9:00-da başlaýar;
N4 - N5 sagat 14:00-da başlaýar.


Ilçihana ýygnanyşyk wagtyny dürs berjaý etmegi haýyş edýär.


Şeýle hem hasabatda synagyň ýokanç keselleriň öňüni almak üçin aşakdaky sanitariýa çärelerine laýyklykda geçiriljekdigi bellenilýär:


- Synag wagtynda otag şemalladylar. Sowuk howanyň bolup biljekdigi üçin galyň geýinmek maslahat berilýär.
- Synag wagtynda agyz-burun örtüklerini dakynmak talap edilýär.
- Islendik şahsy aragatnaşyk (pyşyrdaşmak) diňe synag wagtynda däl, eýsem giriş we arakesme wagtynda hem gadagan edilýär.


Türkmenistanda birinji gezek JLPT (Ýapon dilini bilmek synagy) synagynyň geçen ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilendigini bellemek bolar. Şol gezek synagdan 69 gatnaşyjy üstünlikli geçmegi başardy.