Turkmenportal logo
18.11.21
26212621
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar

Kadyr Amanow — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Gülsenem Orazweliýewa — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Kemal Allaberdiýew — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň epidemiologiýa kafedrasynyň kliniki ordinatory.


Hanjar Nurgeldiýew — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gospital hirurgiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory.


Garabeg Goşaýew — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga hirurgiýasy kafedrasynyň aspiranty.


Döwletmämmet Ökdirow — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.


Ogulnur Pirjikowa — Türkmen döwlet maliýe institutynyň hasap we audit fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Babajan Bekmurzaýew — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň fizika kafedrasynyň mugallymy.


Gara Ahmedow — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Geldi Durdyýew — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.


Aman Hojalyýew — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň mugallymy.


Mährijemal Nepesowa — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili kafedrasynyň öwreniji mugallymy.


Hatyja Döwletnazarowa — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.


Polina Gurýewa — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Annamyrat Goşanyýazow — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.


Akmämmet Berdimämmedow — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.


Maksatmyrat Pürmämmedow — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.


Oguljemal Hoşgeldiýewa — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.


Hoşgeldi Garajaýew — Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Wepa Döwletgeldiýew — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.


Baýrammyrat Atakaýew — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Owadan Begjanowa — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Maýagözel Mommaliýewa — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Enejan Babaýewa — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Leýli Aşyrowa — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallymy.


Yslam Amangulyýew — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň menejment fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.


Guwanç Şahanow — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Maral Amanowa — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň telekommunikasiýa ulgamlary kafedrasynyň uly mugallymy.


Güýç Gökow — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyby.


Ýusup Ataýew — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň medeniýet we metbugat bölüminiň çeper ýolbaşçysy.


Döwran Karajaýew — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň jenaýat hukuk dersleri kafedrasynyň mugallymy.


Begli Gurbandurdyýew — Türkmenistanyň Serhet institutynyň okuw-usulyýet bölüminiň uly hünärmeni.


Aýgözel Garlyýewa — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Nepes Saparnazarow — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat-tehnologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.


Jennet Bäşimowa — Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.


Amangeldi Berdiýew — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 5-nji ýyl harby talyby.


Aýjan Haýytbaýewa — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň mugallymy.


Kowsär Abbasowa — Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.


Nurana Hudaýberdiýewa — Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy.


Bägül Bekçiýewa — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň medeniýet bölüminiň esasy hünärmeni.


Döwrangeldi Gaýypgulyýew — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» teleradioýaýlymynyň tehniki gözegçilik bölüminiň müdiriniň orunbasary.


Muhammetoraz Sähedow — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýat teleradio studiýasynyň 0,5 iş hakly gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.


Aýgözel Annamyradowa — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň terbiýeçilik işleri boýunça bölümçesiniň psihology.


Atamyrat Berdiýew — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky merkezi harby hassahanasynyň dermanhana bölümçesiniň müdiri.


Daniýorbek Tajibaýew — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ofiseri.


Sanjar Şöhradow — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Içerki goşunlaryň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy.


Hekim Durdyýew — Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça bölümçesiniň uly hünärmeni.


Mahym Begliýewa — Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynyň okuw bölüminiň iş ýöredijisi.


Aýna Tangyýewa — Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Türkmenistanda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek bölüminiň uly ylmy işgäri.


Rahim Hojamyradow — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölüminiň kiçi ylmy işgäri.


Aýmyrat Pirjikow — «Türkmenistan» gazetiniň öz habarçysy.


Altyn Gatyýewa — «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň işgärler boýunça inspektory.


Begli Halmämmedow — Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň estrada orkestriniň I derejeli sazanda artisti.


Kerem Durdyýew — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.


Güýçberdi Derwaýysow — Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.


Saparnepes Atabaýew — Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.


Aýparça Akymowa — «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy.


Orazjemal Mäterowa — Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.


Söýli Muhamowa — Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.


Şemşat Saparowa — Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy.


Ýulduz Jumabaýewa — Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçi mugallymy.


Söhbet Orazmuhammedow — Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň ýaşaýjysy.