Turkmenportal logo
17.11.21
1813218132
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda täze awtobus gatnaw ugurlary açyldy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, awtobus ugurlarynyň ýola goýlandygyny habar berdi.


  • 27-nji “Büzmeýin DES – Akdepe” ugur boýunça awtobus “Büzmeýin” belleniş nokadyndan ugraýar Ahal köçe – Oguzhan köçe – Korneýew köçe – Azatlyk köçe – Ýaşlyk köçe – Olimpiýa köçe – Abadan şaýoly – Abadan-Jülge şosse – Parahat köçe – Görogly köçe bilen hereket edip, Akdepe harby bölüminden yzyna aýlanyp Görogly köçe – Parahat köçe – Abadan-Jülge şosse – Abadan şaýoly – Olimpiýa köçe – Ýaşlyk köçe – Azatlyk köçe – Korneýew köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – Günbatar köçe – Ahal köçe bilen hereket edip, “Büzmeýin” belleniş nokadyna gelýär.
  • 97-nji “Büzmeýin – Täze Zaman” ugur boýunça awtobus “Büzmeýin” belleniş nokadyndan ugraýar Ahal köçe – Oguzhan köçe – Korneýew köçe – “Altyn Asyr” köçe – Abadan şaýoly – Bitarap Türkmenistan köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – Magaryf köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – G.Kuliýew köçe bilen hereket edip, Täze Zaman ýaşaýyş jaý toplumyndan yzyna aýlanyp G.Kuliýew köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – Magaryf köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – Bitarap Türkmenistan köçe – Abadan şaýoly – “Altyn Asyr” köçe – Korneýew köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – Günbatar köçe – Ahal köçe bilen hereket edip, “Büzmeýin” belleniş nokadyna gelýär.

Bellik: Ahalawtoulag kärhanasynyň 70-nji “Büzmeýin DES-Akdepe” ugry. Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň
27-nji “Büzmeýin DES-Akdepe” awtobus ugruna üýtgedildi.



Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91