«Bossan concept» dükanynyň «bossan-concept.com» web sahypasy bag, öý we howly üçin niýetlenilen köp sanly önümleriň dürli görnüşlerini hödürleýär.
«Bossan concept» internet dükanyna giren müşderi, bu ýerde möwsümiň täzelikleri bilen garşylanýar. «Bossan concept» dükany Täze ýylyň golaýlap gelýänligini nazara alyp, eýýämden «bossan-concept.com» saýtynyň baş sahypasynda baýramçylyk arçalarynyň, bezegleriniň, oýnawaçlarynyň we sowgatlyklarynyň dürli görnüşleriniň satuwyny ýola goýan ýörite bölümi bilen tanyşmagy teklip edýär. Mundan başga-da, «Bossan concept» onlaýn söwda meýdançasynyň baş sahypasynda desertleriň (desert – naharyň soňundan iýilýän miwe ýa-da süýji önümleri) dürli görnüşlerini özünde jemleýän «Bossan Coffee Garden» bölümi bilen tanyşyp bilersiňiz.
«Bossan concept» internet dükanynyň dürli görnüşli köp sanly önümleriniň arasyndan öý, howly, balkon we bag üçin niýetlenilen mebelleri we esbaplary, hiňňildikleri, gap-gaçlary, güldanlary, küýzeleri, gülçyralary, emeli gülleri we gazonlary tapyp bilersiňiz.
«Bossan concept» birnäçe dükanlar ulgamyndan ybaratdyr:
• «Bossan flora» dükanyndan emeli gülleri, gazonlary we dürli ösümlikleri satyn alyp bilersiňiz;
• «Bossan outdoor» dükanyndan öý, howly, balkon we bag üçin niýetlenilen mebelleri we esbaplary, hiňňildikleri satyn alyp bilersiňiz;
• «Bossan coffee garden» dükanynyň meşhur desertleri bilen kofelerini bu ýere gelip ýa-da öýde oturan ýeriňizden sargyt edip bilersiňiz.
«Bossan concept» dükany bilen habarlaşmaklyk üçin aragatnaşyk maglumatlary:
• «Bossan concept» dükanynyň Instagram sahyplary: @bossan_concept; @bossan_flora; @bossan_outdoor_tm; @bossan_coffee_garden.
• «Bossan concept» dükanynyň telefon belgileri: 415554, 726060;
• «Bossan concept» dükanynyň salgysy: Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýy, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyra).

