Turkmenportal logo
29.10.21
1756317563
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa aýyň dowamynda Türkmenistandan üçünji ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy raýatlarynyň 25-nji ýolagçy howa gatnawyny gurady. Bu barada Russiýanyň ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.


Türkmenabat halkara howa menzilinden “Sibir” awiakompaniýasynyň S78536 uçary bilen 176 ýolagçy Moskwanyň “Domodedowo” howa menziline ugrady.


29-njy oktýabra meýilleşdirilen bu uçuş barada öň hem habar berlipdi.


Türkmenistandan Russiýa soňky gezek ýolagçy howa gatnawy 22-nji oktýabrda guralypdy.


Koronawirus pandemiýasy zerarly Türkmenistandan Russiýa yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri togtadylandygyny ýatladýarys.