Turkmenportal logo
19.10.21
10841084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý suwuklandyrylan gazyň importy boýunça ilkinji orna çykdy

HHR soňky üç aýdyr, turbageçirijiler arkaly akdyrylýan tebigy gazyň importy boýunça rekordlary yzygiderli täzeläp gelýär, muňa ýurduň gümrükhana hasabaty güwä geçýär diýip, “Interfax” ýazýar.


Hytaý gazy, esasan, Russiýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Mýanmadan satyn alýar. Importyň gurluşy we onuň çeşmeleri barada anyk maglumatlary hytaý gümrükhanasy öňdäki annadan çap etmekçi.


Şol bir wagtda Hytaýyň suwuklandyrylan gazy hem köp satyn alýandygy aýdylýar, mysal üçin, şu ýylyň awgustynda bu ýurt 6,75 million tonna suwuklandyrylan gazy satyn aldy. Iýulda bu görkeziji 6,652 million tonna deň bolupdy.


Netijede Hytaý soňky 12 aýda (2020-nji ýylyň sentýabryndan 2021-nji ýylyň awgusty aralygynda) dünýäde suwuklandyrylan gazyň importy babatda ilkinji orna çykdy. Gazyň bu görnüşini HHR-e, esasan, Awstraliýa, Malaýziýa, Indoneziýa, ABŞ, Katar, Russiýa satýar.


Demirgazyk-Gündogar Aziýada gazyň sarp edilişiniň artmagy suwuklandyrylan gazyň nyrhlarynyň artmagynyň esasy sebäbi bolmagynda galýar, bu öz gezeginde bütin dünýäde turbageçirijiler arkaly eltilýan gazyň bahasyna hem täsir edýär.