Turkmenportal logo
18.10.21
65206520
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 203 916 kub metr kislorod öndürildi

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazowyň adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri 203 916 kub metr lukmançylyk we tehniki kislorod öndürdi. Bu barada «Jeýhun.news» internet saýtynda habar berilýär.


Himiýa zawodynda öndürilen önümler welaýatyň lukmançylyk edaralaryna we senagat kärhanalaryna eltilip berilýär. Önümler 33,886 sany ýörite kislorod gaplaryna ýerleşdirildi.


Ýakynda «Türkmenportal» internet saýtymyzda Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 1,138 kilogram aýakgap boýaglarynyň hem öndürilendigini habar beripdik.