Turkmenportal logo
16.10.21
1133811338
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Si Szinpin hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine üns berýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollady. Onda şeýle diýilýär:


“Hormatly jenap Prezident!


Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 72 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.


Hytaý hem-de Türkmenistan dostlukly ýurtlar we strategik hyzmatdaşlardyr. Şu ýylyň maýynda biz hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça telefon gepleşigini üstünlikli geçirdik hem-de pikir alyşdyk, esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşyk gazandyk.


Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de Siziň bilen netijeli işe we dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin bilelikde umumy tagallalary etmäge taýýardyryn.


Size berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly Türkmenistana hem-de onuň halkyna bolsa gülläp ösmegi, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin”.