Turkmenportal logo
13.10.21
39023902
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mikroshemalaryň ýetmezçiligi “iPhone 13”-iň önümçiligine täsir eder

Dünýädäki mikroshemalaryň ýetmezçiligi onlarça million “iPhone 13” smartfonlaryň önümçiliginiň togtadylmagyna sebäp bolup biler. Ozal ​​“Apple” kompaniýasy 2021-nji ýylyň soňky üç aýynda, takmynan, 90 million sany smartfony öndürmegi meýilleşdiren bolsa, indi bu çaklamalaryň tersine kompaniýa önümçiligini azaldyp biler.


Ferra.ru saýtynyň maglumat bermegine görä, şu ýyl dünýädäki mikroshemalaryň ýetmezçiligi sebäpli, “Apple” kompaniýasy soňky nesil smartfonlaryny 10 million töweregi az öndürer.