Turkmenportal logo
07.10.21
41964196
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Päkistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Päkistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana ýurduň Belujistan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly çuň¬ňur gynanç hatyny iberdi.


Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.