Turkmenportal logo
07.10.21
1201612016
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda öndürilen polipropilen ýüplükler Türkiýä eksport ediler

"Bagtyýar gurluşyk" hojalyk jemgyýetinde halkara ülňülerine laýyk gelýän polipropilen ýüplükler öndürip başlandy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet saýty habar berýär. Bu ýerde ýüplükler Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýän çig maldan taýýarlanýar.


Hojalyk jemgyýetinde her gün 22 tonna polipropilen ýüplükleriň dürli reňkdäki görnüşi taýýarlanylýar.


Häzirki wagtda "Bagtyýar gurluşyk" hojalyk jemgyýeti öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmek maksady bilen bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen degişli gepleşikleri geçirýärler. Ýakynda hojalyk jemgyýetinde öndürilen önümleriň ilkinji tapgyry Türkiýe Respublikasyna eksport ediler.


Belläp geçsek, polipropilen ýüpek sapaklar aýratyn güýç berýän, reňkini we görnüşini uzak wagtlap saklaýan haly we haly öndürmek üçin giňden ulanylýar. Bu bolsa önümlere bolan islegi has-da artdyrýar.