Turkmenportal logo
01.10.21
82388238
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdiýewiň “Kaýraty” “Bazelden” asgyn geldi

Düýn agşam Şweýsariýanyň “Bazel” topary bilen Gazagystanyň “Kaýrat” futbol toparynyň arasynda Konferensiýanyň ligasynyň toparçadaky duşuşygy geçirildi. Bazel şäheriniň “Sant-Ýakob Park” stadionynda geçen bu duşuşyk özboluşly dartgynlylygy döretdi. Netijede, ýer eýeleri gazak toparyny 4:2 hasap bilen ýeňmegi başardy.


Duşuşykda “Bazeliň” düzüminden Artur Kabral (15-nji minutda), Mihaýel Lang (21, 40), şeýle-de Den Ndoý (49) ýaly futbolçylar tapawutlandy. “Kaýrat” bolsa Žoze Kante (65) hem-de Rikardu Alweşiň (69, penaltiden) geçiren pökgüleri bilen hasabyny artdyrdy.


Gyzykly geçen oýundan soň guralan metbugat konferensiýasynda “Kaýrat” toparynyň tälimçisi, ildeşimiz Gurban Berdiýew duşuşygyň netijesi dogrusynda belläp geçdi:


— “Bazel” mynasyp ýeňiş gazandy. Biz ýerliksiz pökgüleri goýberdik, bu bolsa toparymyzyň guramaçylykly oýnuny üýtgetdi. Oýnuň ikinji ýarymynda bolsa elimizden gelenimizi edip, başarýan hakyky oýnumyzy görkezdik. Biz ýene-de birnäçe pökgi geçirip bilerdik, emma netije netijeligine galýar.


Konferensiýanyň ligasynda çykyşyny dowam etdirýän “Kaýrat” indiki duşuşygyny 21-nji oktýabrda myhmançylykda, Azerbaýjanyň “Karabah” toparyna garşy geçirer.


Belläp geçsek, häzirki wagtda degişli ýaryşyň çäginde “Karabah” topary geçiren we goýberen pökgüleriniň hasabyna “Bazelden” tapawutlanyp, H toparçanyň birinji ornuny eýeleýär. Umumy netije boýunça toparlaryň hersi ýaryşy 4 utuk bilen dowam edýär, “Kaýrat” we “Omoniýa” toparlary bolsa 1 utuk bilen toparçanyň soňky orunlaryny paýlaşýarlar.