Turkmenportal logo
28.09.21
2065420654
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýaly kosmonawt Türkmenistany Garaşsyzlyk baýramy bilen öz suratlary arkaly gutlady

Russiýaly synagçy-kosmonawt Iwan Wagner Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen orbitadan alan suratlary bilen gutlady. Suratlar sossetlerde peýda boldy.


Orbitada alan suratlarynyň aşagynda synagçy-kosmonawt ýurt baradaky gysgaça maglumatlary goýupdyr.


Iwan Wagner Russiýanyň 123-nji kosmonawtydyr. Ol 1985-nji ýylda Arhangelsk oblastynyň Seweroonežsk şäherinde eneden doguldy. Ol kosmosa, has takygy, Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) 2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde ugrady. Anatoliý Iwanişin we astronawt Kristofer Kessidi bilen ol HKS-63-niň düzümine girdi. Ýeriň orbitasynda olar 187 gije-gündizläp boldular we şol ýylyň 22-nji oktýabrynda Ýere dolandylar.