Turkmenportal logo
23.09.21
68196819
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Astrahanda el göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler

Astrahan şäherine «Hazarýaka döwletleriniň kubogy» ugrunda el göreşi boýunça ilkinji halkara ýaryş geçiriler.


Bäş döwletiň wekilleriniň gatnaşmagyndaky ýaryş 25-nji sentýabrda bolar diýip, Astrahan oblastynyň dolandyryşy habar berýär. Has takygy, onda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň ýaryşmagyna garaşylýar.


Ilkinji tutluşyklar şol gün irden 10-dan agşam 17-ä çenli bolar. Sagat 18-de bolsa ýaryşyň medeni dabarasy we final tutluşyklary geçiriler.


Ýaryşy «AMC Fight Nights Global» kompaniýasy guraýar.