Turkmenportal logo
22.09.21
42524252
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Pradanyň» täze toplumynyň bezegleri meşhur binalary bezär

Italiýanyň «Prada» brendi täze güýz toplumynyň çykmagy bagly adaty bolmadyk mahabat taslamasyny durmuşa geçirdi. Oňa laýyklykda meşhur binalaryň käbiri bu brendiň bezegleri bilen bezeler.


Taslama Milanda eýýäm başlandy we Florensiýa, Rim, Pariž, London, Nýu-Ýork, Şanhaý we Tokio şäherlerine çenli uzalar.


Mundan başga-da, «Prada» Ýewropada, ABŞ-da we Aziýada saýlanan çörek we azyk bazarlaryna çörek, miwe we gök önümler üçin markaly kagyz haltalary berer diýip, «buro247.com» habar berdi.