Turkmenportal logo
18.09.21
69556955
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bangkogyň taksiçilerinden täze çykalga

Pandemiýa zerarly Taýlanda syýahatçylaryň sanynyň azalmagy bilen Bangkokdaky taksi sürüjileri awtoulaglary üçin täze ulanyş tapdylar. Paýtagtyň günbatar bölegindäki awtoulag duralgalarynyň birinde ýüzlerçe takside ownuk gök önüm baglary goýuldy.


“Euronews”-yň habaryna görä, şeýle ýasama ýerlerde işsiz taksi sürüjileri badamjan, hyýar, çili burç we reyhan ösdürip ýetişdirýärler.