Turkmenportal logo
18.09.21
68176817
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kristina Weýgand Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýar. Ol bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda mälim etdi.


Söhbetdeşlikde hem aýdylyşy ýaly, ol mundan beýläk işini Ermenistanda dowam etdirer. Ol Türkmenistan bilen hoşlaşmagyň özüne juda agyr degýändigini nygtady.


Awstriýanyň raýaty bolan Kristina Weýgand Türkmenistanda 2019-njjy ýyldan bäri işläp gelýär. Mundan öň ol ÝUNISEF-iň Eýrandaky wekiliniň orunbasary bolup işläpdi.