Turkmenportal logo
14.09.21
1272612726
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Agyr atletika boýunça 2021-nji ýyldaky dünýä çempionaty Daşkentde geçiriler

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri şu ýyl Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu barada IWF-niň resmi saýty habar berdi. Ýaryş 7 ― 17-nji dekabr aralygynda geçiriler.


Daşkentde IWF-niň nobatdaky maslahaty hem geçiriler (20 ― 21-nji dekabr), onda halkara federasiýasynyň täze dolandyryjylary saýlanylar.


2021-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin mundan ozal Perunyň paýtagty Lima şäheri saýlanylypdy. Ýöne käbir sebäplere görä, çempionatyň geçiriljek ýeri üýtgedildi.


2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň bolsa Hytaýyň Çunsin şäherinde geçiriljekdigini ýatladýarys.


Henize çenli Türkmenistandan sportuň bu görnüşi boýunça iki sany dünýä çempiony bar. Olar Altymyrat Orazdurdyýew bilen Ýulduz Jumabaýewadyr.