Turkmenportal logo
10.09.21
1372613726
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sentýabr aýynda Aşgabatda täze desgalaryň ýene-de birnäçesi açylyp, ulanylmaga berler

Şu ýyl Türkmenistanda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň 50-den gowragy ulanylmaga berildi. Şu aýyň dowamynda ýene-de 4 sany bina ulanylmaga berler. Bular barada Hökümetiň 8 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hasabat berdi.


Şu ýyl ulanylmaga beriljek hatarynda A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgäh, ýerasty geçelgeler bar. Döwlet münberiniň toplumy, paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinde hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.


Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 30-njy iýulyndaky degişli Kararyna laýyklykda, Ýokary gözegçilik edarasy ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda, ýokary hilli tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklaýar. Gurluşyk işleriniň hil derejesi hemişelik üns merkezinde durýar.