Turkmenportal logo
03.09.21
65036503
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýa dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda 28 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňildi

Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda “B” toparçada Ispaniýanyň ýygyndysy myhmançylykda Şwesiýadan 2-1 asgyn geldi.


5-nji minutda Karlos Soleriň goly bilen öňe saýlanan ispanlaryň derwezesinden ýeňiş gollaryny 6-njy minutda Aleksander Isak bilen 57-nji minutda Wiktor Klassen geçirdi. Şeýlelikde, Ispaniýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda 66 duşuşykdan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ispanlar soňky gezek 1993-nji ýylyň martynda Daniýadan 1-0 asgyn gelipdi. 4 oýunda 7 utuk toplan ispanlar 9 utukly Şwesiýdan soň 2-nji ýerde barýarlar.


Toparçadaky beýleki oýunda-da Kosowo myhmançylykda Gruziýany 1-0 ýeňdi.