Turkmenportal logo
25.08.21
70207020
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň kubogy - 2021: "Nasaf" - "Ahal" duşuşygyna Saud Arabystanly hünärmenler eminlik eder

Bilşimiz ýaly, Aşgabadyň «Ahal» topary AFK-nyň kubogy-2021-iň sebitleýin final oýnunyň çäginde myhmançylykda Özbegistanyň «Nasaf» topary bilen duşuşar. Bu gün bolsa şol oýna gözegçilik etjek toparyň düzümi belli boldy. Oýna Saud Arabystanly eminler topary eminlik eder. Ine-de, eminler toparynyň düzümi:


Baş emin: Muhammed Holid Al Hoiş;


Gapdal eminleri: Abdularahim Habib Alshammari we Ýosir Abdulla Alsulton;


Ätiýaçdaky emin: Holid Solih Alturais;


Gözegçi: Hussain Gadanferi (Kuweýt);


Infeksiýa boýunça gözegçi: Farruh Awezow (Täjigistan);


Komissar: Dawlatmand Islamow (Täjigistan)