Turkmenportal logo
20.08.21
12301230
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ysraýyl – Ýapon hyzmatdaşlygy: Aý topragyndan kislorod öndüriler

Dürli ýurtlar Aýda uzak möhletli wezipeleri amala aşyrmak üçin mümkin tehnologiýalary gözlemegi dowam etdirýärler. Ýapon we Ysraýyl kompaniýalary Aýda kislorod öndürmäge gönükdirilen synag taslamasynda hyzmatdaşlyk ederler.


Kýodo agentliginiň habaryna görä, Ýaponiýanyň «Ispace » kompaniýasy bilen Ysraýylyň «Helios » şereketi Aýda kislorod öndürmäge gönükdirilen synag taslamasynda hyzmatdaşlyk ederler. Şoňa laýyklykda kompaniýalar Aýdan alnan topragy ýokary temperaturada eredip we elektrolizlemek arkaly kislorod öndürmäge synanyşarlar.


Ýaponiýanyň «Ispace» şereketiniň baş ýerine ýetiriji direktory Hakamada Takeshi taslama barada ýörite beýan berip: «Taslama has köp oýunçyny bu bazara girmäge höweslendirer.» - diýip belledi.


Ysraýylyň «Helios» kompaniýasynyň baş direktory Jonatan Geifman bolsa, Aý topragyndan kislorod öndürmegiň geljekdäki işler üçin möhümdigini aýtdy.


Taslamanyň çäginde Ysraýylyň «Helios» şereketi 1 tonna Aý topragyndan 250 kilogram kislorod almagy maksat edinýär.


Ýaponiýanyň «Ispace» kompaniýasy bolsa, 2023 – 2025-nji ýyllar aralygynda taslamany iki dürli döwürde tehniki enjamlar bilen üpjün eder.