Turkmenportal logo
18.08.21
73977397
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan weloýöriş geçirildi

Şu gün Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan köpçülikleýin weloýöriş geçirildi. Bu barada «Sankt-Peterburg» teleýaýlymy habar berýär.


Köpçülikleýiin sport çäresini dünýä türkmenleriniň şu şäherde hereket edýän «Mekan» türkmen medeniýeti guramasy gurady. Oňa şäheriň ýaşaýjylary bilen birlikde türkmenistanly talyplar hem gatnaşdy.


Murin seýilgähindäki weloýörişe gatnaşyjylar 3 kilometr aralygy geçdiler.