Turkmenportal logo
03.08.21
63866386
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýüzükleriň hökümdary» haçan görkezilip başlanar?

Jon R.R. Tolkiniň romanlary esasynda surata düşürilen «Ýüzükleriň hökümdary» atly köp bölümli filmiň ilkinji görkezilişiniň boljak senesi mälim edildi. «Amazon» studiýasynyň wekilleriniň habar bermegine görä, täze film 2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda «Prime Video» hyzmatynda tomaşaçylaryna gowşar.


Onuň her hepde-de bir bölümi görkeziler. «360tv.ru» gullugynyň habaryna görä, täze filmdäki wakalar «Hobbit» we «Ýüzükleriň hökümdarynda» beýan edilen wakalardan birnäçe müň ýyl ozala degişli bolar.


Filmiň sahnalarynyň aglabasy Täze Zelandiýada surata düşürildi.