Turkmenportal logo
22.07.21
1149411494
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedowa Sankt-Peterburgyň hormat nyşany gowşurylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa «Sankt-Peterburgyň halkara hyzmatdaşlygy pudagyndaky aýratyn hyzmatlary üçin» atly hormatly nyşan gowşurylar. Bu barada şäher häkiminiň degişli çözgüdi kabul edilip, Sankt-Peterburg administrasiýasynyň Newa boýunça resmi web sahypasynda habar berilýär.


Bu hormatly nyşan bilen, şeýle-de häzirki häkim Aleksandr Beglow, şäheriň öňki häkimleri – Georgi Poltawçenko we Sankt-Peterburgyň halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy Walentina Matwiýenko, sebit jemgyýetçilik guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Walentina Grigoriýew «Sankt-Peterburg halkara hyzmatdaşlygy» birleşiginiň ýolbaşçysy Margarita Mudrak, Ermitajyň esasy meseleler boýunça müdiriniň orunbasary Aleksandr Prohorenko, Ýerewan şäher häkimliginiň administrasiýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Dewid Geworgýan we Russiýanyň Gurluşykçylar birleşiginiň direktorlar geňeşiniň başlygy Wladimir Ýakowlew sylaglanar.