Turkmenportal logo
17.07.21
84568456
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

2021-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.


Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20, 39-19-21.