Turkmenportal logo
26.06.21
58135813
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň täze möwsümine badalga berler

5-nji iýulda toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň futzal çempionatynyň (Naýbaşy ligasy) nobatdakysyna badalga berler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.


Paýtagtymyza hem-de Balkan welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagyndaky futzal çempionaty dört aýlawdan ybarat bolup, jemleýji, 28-nji tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň 6-njy noýabrynda geçiriler.


Futzal çempionatynyň duşuşyklary Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler.


Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl geçirilen ýurdumyzyň futzal çempionaty bassyr ikinji gezek “Köpetdag” toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.


Çempionata gatnaşýan toparlar:


“Köpetdag” (Aşgabat ş.)


“Senagatbank” (Aşgabat ş.)


“Deňizçi” (Türkmenbaşy ş., Balkanabat wel.)


“Migrasiýa” (Aşgabat ş.)


“Gümrükçi” (Aşgabat ş.)


“Serhetçi” (Aşgabat ş.)


“Milli goşun” (Aşgabat ş.)


TNGIZT (Aşgabat ş.).