Turkmenportal logo
09.06.21
48334833
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.


Iş maslahatynyň başynda döwlet Baştutanyna türkmen ýüpkeçileriniň tabşyrygy berjaý edip, 2100 tonna pile taýýarlandygy habar berildi.


Soňra döwlet Baştutany Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine orak döwründe işiň üstünde bolup, işleriň talabalaýyk we guramaçylykly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


Milletiň Lideri Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerine bolsa anna güni — 11-nji iýunda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamak barada görkezme berdi.


Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň, Ahal welaýatynyň hem-de bu sebitiň etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Olar ýerlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.