Turkmenportal logo
04.06.21
15571557
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň iň gowy hyzmat ediş söwda kärhanalary kesgitlenildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli türkmen paýtagtyndaky söwda merkezleriniň we dükanlarynyň arasynda iň gowy hyzmat derejesi ugrunda bäsleşik geçirdi. Bu barada «Türkmengazet» elektron neşiri habar berdi.


Bäsleşigiň netijelerine esaslanyp, bilermen eminleri üç ugur boýunça ýeňijileri kesgitlediler.Ýurduň esasy şäherindäki söwda we dynç alyş merkezleriniň arasynda iň gowusy “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi boldy. Ikinji orun geçen ýylyň noýabr aýynda açylan “Gül Zemin” söwda we dynç alyş merkezine berildi.


Dürli görnüşli harytlary satýan söwda merkezleriň arasynda dalaşgärlikde “Kämil Market” birinji orny eýeledi. Sanawyň indiki setirine “Halk Market” ýerleşdi.


Ýöriteleşdirilen dükanlaryň arasynda şertsiz birinji orny G.Kuliýew köçesinde ýerleşýän “Ak Gaýa” öý harytlary dükany eýeledi.