Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda «Aşgabat şäheriniň demirgazygynda guruljak «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň meseleleri hakyndaky» Karar bar.
Döwlet Baştutany bu Karara laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagynda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynda guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň hem döredilýändigini habar berdi.
Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny toplumlaýyn guramaçylykly alyp barmak boýunça Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.